Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugy (NHS) rak keseline garşy dünýäde ilkinji sanjymy kliniki synaglardan geçirmäge başlady. “Rak keseline garşy sanjym çykarmak” programmasyna eýýäm onlarça näsag goşuldy we ýene-de ýurduň 30 sany saglygy goraýyş edarasyndan müňlerçe adamyň gatnaşmagyna garaşylýar diýip, The Guardian ýazýar. Rak keseline garşy sanjymy öwrenmek entek başlangyç tapgyrda hem bolsa, operasiýadan soň galan çiş öýjüklerini öldürmekde we çişiň gaýtadan döremek howpuny peseltmekde eýýäm täsirlidigini görkezdi. Başda synaga göni içegesinde, derisinde, öýkeninde, öt haltasynda, aşgazan asty mäzinde we böwreginde rak keseli dörän hassalar alyndy. Geljekde bu keseliň beýleki görnüşlerinden ejir çekýän hassalar üçin hem programmany giňeltmegi meýilleşdirýärler. Sanjymy ilkinji bolup Kowentri uniwersitetiniň 55 ýaşly mugallymy, hassa Elliot Pfebwe aldy. Kolorektal rak keseli ýüze çykarylandan soň, ol operasiýa edilip, çişi aýryldy we himiýa bejergisini aldy. Hünärmenler çişiň derňewini geçirdi we COVID-19 sanjymyndaky ýaly, mRNA tehnologiýasyny ulanyp, ýöriteleşdirilen sanjymy işläp taýýarladylar. “Bu synaga gatnaşmak kararyna gelmek özüm üçinem, maşgalam üçinem çynlakaý ädim boldy. Barlaglaryň we agyr himiýa terapiýasynyň kynçylyklaryndan geçip, rak keselini bejermegiň täze usulyna eltip biljek synaga gatnaşmak nähilem bolsa, ýakymly "- diýip, Pfebwe gürrüň berýär. BioNTech kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen sanjym immunoterapiýanyň bir görnüşidir. Ol näsagyň immun ulgamyna rakyň öýjüklerini tanamagy we olary ýok etmegi “öwredýär”, şeýle-de olaryň gaýtadan döremeginiň öňüni alýar. Waksina her hassa üçin aýratynlykda taýýarlanyp, bu iş birnäçe hepde wagt alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir