Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileý döwlet dolandyryş ulgamynda özgertmeleri geçirmek üçin emeli aňdan peýdalanmak meýilnamalary barada aýtdy diýip, TASS habar berýär. “Biz döwlet özgertmeleriniň indiki tapgyrynyň nähili boljakdygyny çözýäris. Döwlet has netijeli bolmaly. Biz Google-daky adamlar bilen gürleşdik, olaryň emeli aňyň kömegi bilen döwlet reformasyny geçirmek üçin moduly bar” – diýip, Mileý žurnalistlere habar berdi. Mileýiň geçen hepde ABŞ-a eden sapary Google, Apple, Meta we OpenAI ýaly tehnologiýa ägirtleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklara bagyşlandy. Mundan başga-da, Prezident Argentina potensial maýa goýumlary maslahatlaşmak üçin emeli aňa ýöriteleşen 30 kompaniýanyň wekilleri bilen birnäçe söhbetdeşlik geçirdi. Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Prezident wezipesine girişen Hawýer Mileý ýurduň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny kyn diýip atlandyryp, düýpli üýtgetmeleriň zerurdygyny belledi. Ol libertarian garaýyşlaryň tarapdary hökmünde ykdysadyýete döwletiň gatyşygyny azaltmagyň, onuň dollarlaşdyrylmagynyň, inflýasiýa bilen göreşmek üçin Merkezi bankyň ýatyrylmagynyň, şeýle-de ähli döwlet kärhanalarynyň hususylaşdyrmagynyň ugrunda çykyş edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir