Bäsleşmek maksady bilen Ford Motor elektrik ulaglary pudagynyň öňdebaryjy inženerlerinden, şol sanda Tesla-nyň we Apple-iň öňki işgärlerinden ybarat topar jemledi. Kompaniýa has elýeterli elektrik ulaglaryny öndürmek üçin täze platforma döretmegi maksat edinýär diýip, IXBT habar berýär. Awtoulag öndüriji Hytaýyň BYD awtoulag ägirdi we bu pudagyň beýleki öňdebaryjylary bilen baha we öndürijilik babatda çynlakaý bäsdeşlik etmek isleýär. Ford-uň baş direktory Jim Farli täze elektrik ulaglarynyň diňe bir girdejili bolman, eýsem amerikalylaryň köpüsi üçin elýeterli hem boljakdygyna ynanýar. Ford elýeterli elektrik ulaglaryny öndürmekde Hytaýyň tejribesini ulanýar we ony amerikan bazaryna uýgunlaşdyrýar diýip, ol nygtady. Täze platforma başga hili himiki düzümli, has kiçi ölçegli arzan batareýalary ulanar, bu bolsa çykdajylary ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berer. Ford agzalan täze batareýalary işläp taýýarlamak üçin eýýäm batareýa öndürmekde dünýäniň öňdebaryjysy CATL bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ford-uň has elýeterli modellere ünsi jemlemek maksady bilen, iri gabaraly, üç hatarly elektrik ulagyny çykarmagy soňa goýandygyny bellemelidiris. Ozal Ford Motor Company sürüjilere ýoldan gözlerini sowmaga we ellerini destden aýyrmaga mümkinçilik berjek üçünji derejeli awtopiloty iki ýylyň içinde goýbermek meýilnamasynyň bardygyny yglan edipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir