Instagram ulanyjylary lentany dowam etdirmezden ozal reklama görmäge mejbur etjek täze bir funksiýany synagdan geçirýär. Sosial ulgam hasaplaýjy taýmerli geçirip bolmajak reklamany görkezýär. Ulanyjylar reklama gutarýança lentany aýlap bilmeýärler. Funksiýanyň barlanmagy, sosial ulgamlardaky ulanyjylaryň negatiw reaksiýasyna sebäp boldy. Instagram-yň işgäri Metýu Taý platformanyň “reklama arakesmelerini” barlaýandygyny tassyklady. “Biz elmydama reklama berijilere peýda getirip biljek formatlary barlaýarys”.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir