Ysraýylyň alymlary, megerem, Parkinson keseliniň öňüni almagyň usulyny tapan bolsalar gerek. Olaryň MedRxiv web sahypasynda çap edilen barlagynda görkezilişine görä, bürmege garşy sanjym edilen adamlaryň bu neýrodegeneratiw kesel bilen kesellemek töwekgelçiligi iki esse pesdir diýip, Naked Science ýazýar. Barlagda Parkinson keselli 1500 adamyň we barlag toparyndan 7500 adamyň maglumatlary seljerildi. Alymlar bürmege garşy sanjym edilen adamlarda, sanjym edilmediklere garanyňda, bu keseliň döremek howpunyň pesdigini anykladylar. Barlagyň awtorlary bürmegiň döremegine sebäp bolýan Clostridium tetani bakteriýalarynyň Parkinson keseliniň ösmeginde rol oýnap biljekdigini çaklaýarlar. Bu bakteriýalar ýiti fazasyndaky täsirinden başga-da, içegäniň üsti bilen ýa-da ýaralar arkaly beýnä düşüp, bedene uzak wagtlap ýaramaz täsirini ýetirip biler. Clostridium tetani tarapyndan işläp çykarylýan Tetanotoksin Parkinson keseline mahsus bolan neýrodegeneratiw proseslere getirip bilýän neýrotoksiki häsiýete eýedir. Bu çaklama barlaglaryň ýene dowam etdirilmegini talap edýänem bolsa, eýýäm häzirden bürmege garşy yzygiderli edilen sanjymyň (her iki ýyldan bir gezek) Parkinson keseliniň öňüni almakda täsirli çäre bolup biljekdigini çaklamak mümkin. Parkinson keseli - Alsgeýmer keselinden soň, iň köp ýaýran neýrodegeneratiw kesel. Ol herekete jogapkär neýronlary zaýalaýar. Orta hasap bilen sekiz ýylyň içinde syrkaw adam düşege baglanýar we 10 ýylyň içinde hereketden galýar we ýeke özi ýaşap bilmeýär. Hususan-da, Muhammet Aly, Rim papasy Ioann Pawel II, Ýasir Arafat we Salwador Dali ýaly meşhurlar Parkinson keselinden ejir çekipdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir