Ispaniýada futbol boýunça dünýä we Ýewropa çempiony Andres Inýestanyň heýkeli açyldy. Açylyş dabarasy ýarym goragçy üçin dogduk mekany Albasetede geçirildi diýip, RIA Nowosti habar berýär. Inýesta 2010-njy ýylda Ispaniýanyň we Niderlandlaryň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň finalynda (1:0) topy depýän pursatynda şekillendirilen. Futbolçynyň 116-njy minutdaky goly milli topara dünýä birinjiliginde ilkinji ýeňşi getirdi. “Maňa meniň aslymyň niredendigini we geçen ýolumy ýatladýan örän duýguly we aýratyn gün. Biziň ählimize degişli bolan futbolymyz üçin taryhy pursat” diýip, Inýesta X sosial ulgamynda ýazdy. Inýesta Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy hökmünde dünýä çempiony we Ýewropa çempionatynyň iki gezek ýeňijisi boldy. 2002 – 2018-nji ýyllarda ýarym goragçy “Barselonada” oýnap, topar bilen Ispaniýanyň dokuz gezek çempiony, Çempionlar ligasynyň dört gezek ýeňijisi boldy, alty gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy. Soňra Inýesta “Wissel Kobe” ýapon klubuna geçdi. Häzir 40 ýaşly futbolçy BAE-den “Emireýtsde” oýnaýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir