Nýu-Ýorkda “Gotem” telewizion baýragynyň ilkinji gowşurylyş dabarasy geçirildi we onda ýylyň iň gowy seriallary we aktýorlary sylaglandy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Esasy nominasiýalarda ýeňiji bolanlaryň hatarynda mini-serallaryň arasynda öňegidişlik üçin baýrak alan Netflix-den “Sugun çagasy” (Оленёнок) bar. Serial stendap-komik Donni (Riçard Gedd) we stalker Marta (Jessika Ganning) barada gürrüň berýär. Prime Video-dan “Jenap we hanym Smit” (Мистер и миссис Смит) serialy dramadaky öňegidişlik üçin baýrak aldy. Baş keşpleri Donald Glower we Maýýa Erskin ýerine ýetirdi. Serial eýýäm ikinji möwsüme uzaldyldy, ýöne oňa Glower we Erskin gatnaşmaz. Laureatlaryň doly sanawy: Drama seriallarynyň arasynda öňegidişlik: “Jenap we hanym Smit” Mini-seriallaryň arasynda öňegidişlik: “Sugun çagasy” Komediýa seriallarynyň arasynda öňegidişlik: “Kolin bugalteriýadan” (Колин из бухгалтерии) Mini-serialda iň gowy keşp: Endrýu Skott (“Ripli”) Dramada iň gowy keşp: Sen Szine (“Üç jisim meselesi”, “Задача трех тел”) Komediýada iň gowy keşp: Harriet Daýer (“Kolin bugalteriýadan”) “Gotem” baýragynyň gowşurylyş dabarasy garaşsyz we özboluşly taslamalara ünsi çekip, telewideniýe pudagynda gazanylan üstünlikleri bellemäge gönükdirilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir