Aýal söýgüden, hormatdan, sylag-mertebeden başlanýar! Öýlenen ýigit ilkinji günden gelnini adam hasap etmän, oňa azgyrylyp, her demde kemsidip başlasa, gaýyn ene-de, gaýyn ata-da ol gelni uzak hormatlämaz! Olaryň hormatlamaýan zenanyny goňşy-golam hem, obadaşlary hem hormatlamaz. Ine, onsoň şol gelin Günüň astynda, ýeriň üstünde öz ýaşaýşy üçin göreşip başlar, ol adamsy bilen gygyryşmany hem çykarar, gaýynlaryna-da, goňşy-golamlaryna-da awusyny pürker!(371) Durmuşyň kadasy bar: ol adam oglunyjuda ýaş mahaly kär saýlamaly, özüne mynasyp ýar saýlamaly edýär. Ýaşlaryň göwni bolsa asmanda. Her kime perizat ýaly gyz gerek, her kime han gyzy gerek. Emma akylly bolýan bolsaň, özüňe-de göz aýlap, onsoň gyz saýlamak gerekdir! Men oglankam bir rowaýat eşitdim. Bir ýaş ýigit derýanyň ýakasyna suwa düşmäge barýar, görse, bir suw perisi dünýäden bihabar suwa düşüp ýörmüş. Ýaş ýigit ýeserlik bilen baryp, donuny atyp, suw perisini tutýar: - Men seni söýdüm, sen meniň maşgalam bol! - Ýigit, sen söýmezçe ýigit däl ekeniň, emma sen-ä suwuň astynda, men hem ýeriň üstünde ýaşap bilmerin. Bu söýgi ikimizi hem bedibagt eder, gowusy, men seni köňül maksadyňa ýetireýin. Emma sen paýhas et, akyl et, öz mynasyp ýaryňy saýla! Suw perisi ýigide derýadan geçip, dagyň etegine baryp ot ýakmagy buýurýar hem saçynyň taryndan ýekeje taryny berip, ony hem oda tütetmelidigini aýdýar. Ýigit aýdylyşy ýaly edýär, birden gara dagyň gerşi darka ýarylyp, derweze açylýar, ýigit içine girip gidýär. Seretse, suw periniň aýdyşy ýaly, gapdalda ullakanjadyly aýna duranmyş. Ýigit aýnanyň öňüne baryp özüni kemsiz synlaýar, soňra perdeden aňryk geçýär. Ýigidiň gözleri gamaşyp gidýär. Bezemen, owadan köşgüň içinde iň beýik tagtda birperi oturanmyş, oňa ýigidiň nazary kaklyşanda edil yyldyrym uran ýaly süňki-süýekleri saňňyldaýarmyş, onuň sagynda pesräk tagtda bir peri gyz oturanmyş, durşuna göwher, dür-lagyl, altyn-kümüş şaý-sepleriň içinde zordan görünýärmiş. Sol taýdaky tagtda ýene bir peri gyz otyrmyş, ýüzünden-gözünden nur, mähir-muhabbet ýagyp durmuş. Ýigit bir zaman gyzlary synlap, baş tagtda oturan perizadyň golundan tutup alyp çykýar. Derwezeden çykan ýerinde ýanyndaky perizadyň görk-görmegi nurly gün bilen kaklyşyp, gökde Gün tutulýar. Yigit buýsanç bilen perizadyna bakýar, görse, onuň tutup duran owadan şa gyzy - ýylanmyş. Ýigit allaniçiksi bolup, suw perisine gygyrýar: - Sen perizat diýip, maňa kimi tutdurdyň?- Ol ýylan däldir. Nesip bolsa, toýdan soň aždarha bolar!- Aždarha alyp berer ýaly, men saňa näme ýamanlyk etdim?- Men saňa giren ýeriňde aýna bardyr, aýna seret diýdimmi?-Diýdiň. Men seretdim...- Sen aýna seretseň-de, özüňi görmänsiň, sen özüňi gören bolsaň-da tanamansyň. Sen kümüş halyňa altyn gyzy saýlap aldyň, indi ol bir gün perizat bolsa, iki gün aždarha bolar!.. Seniň paýyň ýüzünden-gözünden mähir ýagyp duran nurana gyzdy, sen oňa, ol saňa mynasypdy. Sen indi bu perizadyň ýary bolmarsyň-da, hyzmatkäri bolarsyň - diýip, suw perisi deňziň düýbüne çümüp gidipdir... Gaiyp halyna baý gyzyna, baý halyna şa gyzyna öýlenen, elbetde, durmuşyň köp şatylaryna çydamaly bolar. Ol ýerde ýaşaýar, emma asmandaky Aýa aşyk bolýar, ol goly ýetmejek belent şahasyna ýapyşýar, şeýdip hem öz başyna belany satyn alýar. (372-373) Ýigitler! Siz Günsüňiz, siz ýylgyryp öz maşgalaňyzyň göwnüni awlasaňyz, gelniňiz Aý bolup dünýäňizi nurdan doldurar!.. (375) Ölüp-öçüp aýalyny söýüp barýan bolmasa-da, aýalyna hormat goýup, aýaly bilen dostana bolup, aýaly bilen sözsüz düşünişip bilýän adamlar zeminiň ýalkan adamlarydyr. Beýle maşgalada agzybirlik, bagt, jebislik, düşünişmek, duýgy höküm sürýändir. Beýle maşgala bagtyýar, ýagny öz-özüni bagtyýar edip bilýän maşgaladyr. (371) Zenan öýüň hudaýydyr. Maşgalanyň berk bolmagyny isleýän adam, öňi bilen, maşgalanyň saçagyny, ojagyny, ojak eýesini hormatlar, şonda söýülýän zenan öýi üçin saçyny sübse edip, şol öýüň ody bilen girip, küli bilen çykmaga taýyn bolar. Är-aýal täze bir ojakdyr, täze bir saçakdyr, täze bir döwletdir. Näçe perzendi bolsa bolubersin, öýi eýesiz galan maşgala ýetim maşgala bolar. Aýal giden öýden döwlet gider, erkek giden öýden tug gider. Ýaradan ähli zady jüp-jüpden ýaradandyr. Hatda asman bilen zemin, Aý bilen Gün, dag bilen deňiz hem jüp-jüpdendir.(374) Döwleriň janlary haýsydyr bir daşyň aşagynda bolsa, erkekkişileriň janlary - söwerýarlarydyr. Söwerýarlarynyň mylaýymlygy, mähremligi erkekkişileri ganatlandyrar, olaryň hyjuwlaryny artdyrar, öýlerinde aýallary ýüz bermeýän bolsa, olaryň işde-de, hiç ýerde-de ruhy belent däldir. Haýsy erkek kişiniň öýünde arzylanýandygyny, haýsy erkek kişiniň öýünde abraýynyň ýokdugyny onuň ýüz-gözünden, gep urşundan, geýnişinden görüp-bilip oturmalydyr. (375)

Köneler, bozkurt288 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir