Çarşenbe güni irden Günüň üstünde iki sany güýçli X1.0 alawy hasaba alyndy, bu klasa degişli alawyň sany iki hepdäniň içinde alta ýetdi diýip, Amaly geofizika institutyna (IPG) salgylanýan TASS habar berýär. Çeşmäniň berýän habaryna görä, iň ýokary X klasly alaw aşgabat wagty bilen 06:41-de we 10:09-da ýüze çykdy. Soňkusynyň dowamlylygy 51 minut boldy. Bu alawlar soňky iki hepdede X synply alawyň bäşinjisi we altynjysy boldy. Alawlar koronal massalaryň zyňylmalary we HF radio aragatnaşygynyň kesilmegi bilen utgaşdy. X klasly alawlaryndan başga-da, 8-nji maýda ýene alty sany M klasly alaw hasaba alyndy. Günüň işjeňliginiň ýokarlanmagy Ýerdäki magnit tupanlaryna sebäp bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir