Täzelenen Toyota Highlander 2024 iýun aýynda görkeziler. Tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda GAC Toyota bilelikdäki kärhananyň söwda dellaly geljekki krossower barada käbir maglumatlary açdy diýip, dongchedi.com ýazýar. Highlander-iň daşky dizaýny üýtgemez, emma krossower rahatlygyny we enjamlaşdyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe gowulaşmalary alar. Hususan-da, täzelenen wersiýasynda şu aşakdakylar peýda bolar: Diagonaly 12,3 dýuýma çenli ulaldylan sanly gurallar paneli; SoC Qualcomm Snapdragon 8155 esasly täze media merkezi; Telematiki ulgamynyň giňeldilen funksiýalary (smartfondan howany, gulplary, duýduryşy we bogažy dolandyrmak); Kuzowyň dürli ýerlerinde 17 sany täze ses izolirleýji material. Highlander 2024 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisine esaslanýan 246 at güýji bolan gibrid güýç gurluşyny saklar. Täzelenen GAC modeliniň satuwynyň başlamagynyň öňüsyrasynda Toyota häzirki Highlander-leriň ammarlardaky ätiýaçlyklaryny aýryp başlady. Krossower 10 müň dollara çenli arzanladylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir