Universal we Illumination studiýalary “Ýigrenji men 4” («Гадкий я 4») multfilminiň täze treýlerini hödürledi. Grýu, onuň maşgalasy we minýonlaryň goşuny täze başdan geçirmelere başlar we ol ýerde hilegär zalymlara garşy göreşmeli bolarlar diýip, Film.ru habar berýär. Treýlerde minýonlaryň dürli super ukyplara eýe bolmak bilen, “Fantastiki dörtlügiň” we “X adamlaryň” gahrymanlary ýaly, özlerini super gahrymanlaryň keşbinde goýmaga synanyşýandyklaryny görüp bolýar. Sahnalaryň biri Terminator 2-däki meşhur kowha-kowly epizody ýada salýar. Multfilmiň režissýory Kris Reno, edebi esasynyň üstünde Maýk Uaýt işledi. “Ýigrenji men 4” 2024-nji ýylyň iýul aýynda dünýä prokatyna çykar. Multfilm 2010-njy ýylda başlanan “Ýigrenji men” franşizasynyň bir bölegidir. Jemläp alanyňda, franşizanyň taslamalarynyň hemmesi dünýäde 4,6 milliard dollar toplady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir