Madridiň "Realy" Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň jogap duşuşygynda "Bawariýadan" üstün çykyp (2:1), ýaryşyň finalyna çykdy. Duşuşygyň birinji ýarymynda hiç hili gol geçirilmedi. 68-nji minutda "Bawariýa" Alfonso Dewisiň goly bilen öňe çykdy. "Real" 88-nji minutda Hoselunyň goly bilen hasaby deňledi. Ikinji ýarymyň ahyrynda goşulan birinji goşmaça minutda bolsa ýene-de şol Hoselu dubl edip, toparyny öňe çykardy. Belläp geçsek, Hoselu oýna soň girdi. Şeýlelikde, 4:3 umumy hasap bilen "Real" taryhynda 18-nji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. Onuň garşydaşy Dortmundyň "Borussiýasy" bolar. Final oýny 1-nji iýunda Londonda "Uembli" stadionynda bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir