Aýyň teýindäki metal magdan ýataklarynyň gaýtadan öwrenilmegi alymlara Aýyň Ýer bilen başga bir planetanyň çaknyşygy netijesinde emele gelendigi baradaky teoriýa täze subutnamalar berdi. 4,5 milliard ýyl ozal Teýa planetasynyň Ýer bilen çaknyşandygy we gyzgyn lawa bölekleriniň kosmosa ýaýrandygy çak edilýär. Teýanyň käbir bölekleri Ýeriň jümmüşine gömüldi. Ýöne galan tohumlaryň nirä gidenligi uzak wagtlap näbelli bolup galdy. NASA-nyň GRAIL (Gravity Recovery and Interior Laboratory) enjamyny ulanyp alnan täze maglumatlar bu soraga jogap tapmaga mümkinçilik berdi. Olar Aýyň teýindäki agyrlyk güýjüniň anomaliýasyna sebäp bolýan dykyz, agyr maddalaryň bardygyny görkezdiler. Enjam, titanyň we ilmenitiň ýataklary hökmünde kesgitlenen Aýyň ýer gabygy bilen ýadrosynyň arasynda iki sany dykyz meýdany ýüze çykardy. Hytaýyň Pekin uniwersitetiniň alymlary kompýuter modellerini geçirdiler we bu gaýalaryň başga bir kosmiki jisiminiň, ähtimal Teýa planetasynyň bölekleri bolup biljekdigini anykladylar. Şeýle hem, Ýerde pes gozganma tizligi (LLVPs) bolan Iri prowinsiýalar hökmünde tanalýan, dykyz materially sebitler bar. Olaryň biri Afrika tektoniki plastinkasynyň aşagynda, beýlekisi Ýuwaş ummanynyň aşagynda ýerleşýär. Olardaky material pýeriň mantiýasyndan 2,5-3 esse dykyz. Alymlar, LLVP - bu çaknyşyk netijesinde Ýere düşen Teýanyň gaýalarynyň bölekleridir diýen teoriýany öňe sürdüler. “Daily Mail”-iň habaryna görä, Aýda hem şuňa meňzeş ýerler ýüze çykaryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir