soňky bäş ýylda dünýäde iň uzyn baget boýunça rekord 2019-njy ýylda tas 133 metr uzynlykda baget taýýarlan italiýaly çörekçilere degişlidi. Ýöne 5-nji maýda fransiýaly çörekçileriň topary 140,53 metr uzynlykda çörek önümini taýýarlap, täze dünýä rekordy bilen Italiýadan öňe geçdi. Rekord Fransiýanyň çörekçiler we konditerler konfederasiýasy tarapyndan guralan çärede goýuldy diýip, The Guardian habar berýär. Çörekçiler 132,62 metr bolan rekordy täzelemek üçin ir sagat 3-de işläp başladylar. Takmynan, 14 sagatdan soň olaryň zähmeti üstünlikli diýlip hasaplandy. Sagat 16:40 çenli baget dünýäde iň uzyn baget diýlip ykrar edildi: onuň uzynlygy 140,53 metr. Adaty fransuz bagetiniň uzynlygy, takmynan, 60 sm bolup, ol bugdaý ununyň, suwuň, duzuň we hamyrmaýanyň goşulmagynda taýýarlanmaly we agramy 250 g bolmaly. Galyňlygy tutuş uzynlygyna azyndan 5 sm bolmaly bageti bişirmek üçin sekiz sagat töweregi wagt gider diýlip çaklanylypdy. Rekord uzynlykdaky bagete 90 kg un, 60 litr suw, 1,2 kg duz we 1,2 kg hamyrmaýa sarp edildi. Soňra ol ýörite gurlan haýal hereket edýän peçde bişirildi. Baget köpçülige, şeýle-de Sýuren köçesinde ýaşaýan adamlara paýlandy. Ýeri gelende bellesek, Fransiýada her sekuntda 320-ä golaý baget satylýar diýlip hasaplanylýar, ýöne bu beýleki ýurtlara dünýäde iň uzyn baget ady ugrunda bäsleşmäge päsgel bermedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir