Halkara konsalting kompaniýasy New World Wealth analitik kompaniýasy bilen bilelikde şu ýylda “dünýäniň iň baý şäherleriniň” reýtingini düzdi. Sanawda şäherler ýaşaýan millionerleriň, sentimillionerleriň we milliarderleriň sanyna görä ýerleşdirildi. Reýtingde birinji orny Nýu-Ýork eýeledi. Şäherde 349 500 millioner, 744 sentimillioner we 60 milliarder ýaşaýar. Ikinji orny San-Fransisko (305 700 millioner) eýeleýär. Üçlügi Tokio (298 300 millioner) jemleýär. Singapur şäher döwleti iki orun ýokary galyp, ilkinji gezek dördünji orny eýeledi – soňky onýyllykda bu ýerde gurply adamlaryň sany 64% ýokarlandy. Diňe 2023-nji ýylda bu ýere 3400 barly adam göçüp geldi: häzir şäherde 244 800 millioner, 336 sentimillioner we 30 milliarder ýaşaýar. Bäşinji orun Londona, altynjy orun Los-Anjelese degişli boldy, ýedinji orny Pariž bilen Il-de-Frans paýlaşdy. Ilkinji onlugy Sidneý, Gonkong we Pekin jemleýär. “Dünýäniň iň baý şäherleriniň” sany boýunça ABŞ we Hytaý öňdebaryjydyr: ilkinji 50-lige 11 amerikan şäheri we bäş hytaý şäheri (Gonkongy hasap etmezden) girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir