Ukrainaly Aleksandr Usik bilen britaniýaly Taýson Fýuriniň arasyndaky jogap söweşi oktýabr aýyna meýilleşdirildi. Bu barada Saud Arabystanynyň güýmenje işleri boýunça Baş edarasynyň başlygy Turki Al aş-Şeýha salgylanyp, ESPN habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär. Boksçylaryň arasyndaky ilkinji söweş 18-nji maýda Saud Arabystanynda geçiriler. Jogap söweşi 12-nji ýa-da 13-nji oktýabra meýilleşdirilýär. Ilkibaşda bu gün amerikaly Dawid Benawides bilen Artur Beterbiýew – Dmitriý Biwol söweşiniň ýeňijisiniň arasynda söweş guramak meýilleşdirilipdi. Fýuri 35 ýaşynda, ol Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) çempion guşagyna eýe bolup, professional karýerasynda ýeňilmedikdir (34 ýeňiş we bir deňme-deňlik). 37 ýaşly Usikiň hasabynda professional ringde 21 söweşde 21 ýeňiş bar. Ol Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Halkara boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks guramasynyň (IBO) wersiýalary boýunça çempiondyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir