Counterpoint Research-yň hasabatyna görä, Apple we Samsung kompaniýalarynyň önümleri dünýäniň smartfon bazarynda agalygyny dowam etdirýärler. Olar 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde iň köp satylan smartfonlaryň sanawynda on ornuň ählisini eýelediler diýip, ixbt.com ýazýar. Şeýlelikde, reýtingde ilkinji dört orny Apple-iň smartfonlary eýeledi. Sanawyň başynda iPhone 15 Pro Max ýerleşdi (4,4% paý bilen), onuň yzyndan iPhone 15 (4,3%) we iPhone 15 Pro (3,7%) gelýär. Dördünji orunda iPhone 14 modeli bar (1,9%). iPhone 15 Plus modeli 1,3% bilen sekizinji orny eýeledi. iPhone Pro hatarynyň meşhurlygy onuň paýyna birinji çärýekde Apple satuwynyň ýarysynyň düşýändigi bilen tassyklanýar. Samsung Galaxy S24 Ultra flagmany umumy reýtingde bäşinji orny eýelemek bilen, iň köp satylan Android smartfony boldy. Bazarda bu modeliň paýy 1,9%-e deň. Gözleg ulanyjylaryň premial segmentinden smartfonlary has makul hasaplaýandyklaryny tassyklaýar: iň köp satylan on modeliň ýedisiniň bahasy 600 dollar we ondan hem ýokarydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir