Sietlden Hubble Network hemra bilen gönüden-göni Bluetooth birikmesini ýola goýan taryhda ilkinji kompaniýa boldy. Hünärmenler gurnalan 3,5 mm çipleri arkaly orbitadan signallary kabul etdiler diýip, TechCrunch habar berýär. Hubble bu tehnologiýanyň logistikada, mallary yzarlamakda, öý haýwanlary üçin akylly boýunbaglarda, çagalar üçin GPS sagatlarynda, awtomobil inwentarynda, gurluşyk meýdançalarynda, topragyň temperaturasyna gözegçilikde we nebiti gazyp almakda ulanylyp bilinjekdigini nygtaýar. Startap geljekde oýlap tapyşynyň Wi-Fi ýa-da öýjükli aragatnaşygy ulanmazdan “Zatlaryň internetini” gurmaga kömek etmegine bil baglaýar. Mart aýynda kompaniýa orbita iki hemra uçurdy. Enjamlar SpaceX Transporter-10 missiýasynyň çäklerinde kosmosa çykaryldy. Gurluşlaryň içinde Bluetooth çipleri oturdyldy. Olaryň signaly Ýerde 600 km-den gowrak aralykdan üstünlikli kabul edildi. Şu tomus Hubble SpaceX Transporter-11 missiýasynyň çäklerinde üçünji we Transporter-13-üň çäklerinde dördünji hemrany uçurmagy meýilleşdirýär. Bu dört hemra Hubble Network “beta-ýyldyzlar toplumyny” emele getirer. Startap 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde ýa-da 2026-njy ýylyň başynda ýene 32 hemra uçurmagy meýilleşdirýär. Bu 36 hemra dünýäniň islendik nokadyndan Hubble hemrasy bilen günde iki-üç sagat Bluetooth aragatnaşygyny üpjün eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir