Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Gyzyl meýdançada Ýeňiş ýörişi başlamazdan öň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrylan beýleki daşary ýurt liderlerini garşylady diýip, TASS habar berýär. Hususan-da, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaralara Türkmenistanyň Baştutanyndan başga-da, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleri gatnaşýar. Moskwadaky dabaralara şeýle hem Gwineýa-Bisaunyň, Kubanyň, Laosyň ýolbaşçylary geldi. Häzir Serdar Berdimuhamedow Moskwada Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir