Şotlandiýanyň mejlisi Jon Suinnini hökümetiň täze baştutany edip saýlady diýip, BBC habar berýär. STV teleýaýlymynyň bellemegine görä, Suinni wezipesini tabşyran Hamza Ýusufyň ornuna geçmek bilen, Şotlandiýanyň taryhynda ýedinji Birinji ministr boldy. Suinni ozal wise-premýeriň wezipesinde we beýleki esasy hökümet wezipelerinde işledi. Jon Suinni Şotlandiýanyň Beýik Britaniýadan özbaşdaklygyny alyp, berkemeginiň aram tarapdary hökmünde tanalýar. Syýasatçy baştutanlyga geçip, ykdysadyýet, işsizlik we ýaşaýyş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge ünsi jemlejekdigini aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir