Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2-5-nji maý aralygynda Gruziýada Aziýa Ösüş Bankynyň her ýylky 57-nji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berdi. “Geljegiň köprüsi” atly bu forum Tbilisi şäherinde ilkinji gezek geçirildi. Oňa AÖB-nyň 68 sany agza ýurtlaryndan 4000-e golaý wekil, şol sanda AÖB-nyň prezidenti Masasugu Asakawa, maliýe ministrleri, merkezi banklaryň dolandyryjylary, ýokary derejeli hökümet işgärleri, şeýle hem hususy pudagyň, ylmy jemgyýetiň we KBHS-niň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi, emeli aň, ýaşyl globallaşma, ykdysady ýagdaýlar, sebit hyzmatdaşlygy hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ösüşiniň we beýleki birnäçe esasy meselelere seretdiler. Forumyň çäginde dürli çäreler, seminarlar we çykyşlar gurnaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir