4-nji maýda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň 70 ýaş toýy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Rejep Bazarow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çäräniň barşynda gatnaşyjylar Ç.Rüstemowanyň uzak ýyllaryň dowamynda ak ýürekli, yhlasly we halal zähmet çekip, ussat diplomat hökmünde Watanymyzyň gülläp ösmegine, ýurdumyz bilen beýleki döwletleriň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň has-da artmagyna mynasyp goşant goşup gelýändigini bellediler. Dabaranyň ahyrynda diplomata Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir