Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli 9-njy maýda Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşjak hormatly myhmanlaryň hatarynda bolar. Dabara gatnaşjak beýleki hormatly myhmanlaryň hatarynda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Dias-Kanel Bermudes, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulit we Gwineýa-Bisau Respublikasynyň Prezidenti Umaru Sissoku Embalo bar. Bu barada Kremliň Metbugat gullugy habar berýär. Wladimir Putin bilen bilelikde Liderler Näbelli Gahrymanyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşarlar. Soňra Kremlde RF-niň Prezidentiniň adyndan dabaraly kabul edişlik bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir