Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon parlamentiniň wekiliýeti 12-14-nji maýda Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada 1-nji maýda Ýaponiýanyň ilçisi Hiroşi Sasakiniň Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen duşuşygynda belli boldy diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda parlamentara dostluk toparynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi Hirosi Sasaki 12-14-nji maý aralygynda Ýaponiýa-Türkmenistan dostluk toparynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza sapar bilen gelmegi meýilleşdirýändigi barada habar berdi. Parlamentara dostluk toparynyň sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek üçin uly goşant bolup durjakdygy bellenilip geçildi. Taraplar döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler. Belläp geçsek, Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2024-nji ýylyň fewralynda Tokio sapar bilen bardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir