Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Luwr syýahatçylaryň gelmegine taýýarlanýar. Dünýäde iň köp barlyp görülýän muzeýe gelýänleriň sanynyň ep-esli artmagyna garaşylýar diýip, France Inter radiostansiýasyna salgylanýan RBK habar berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Luwruň ýolbaşçylary Leonardo da Winçiniň “Mona Liza” kartinasyny aýratyn jaýa geçirmek mümkinçiligine seredýärler. "Myhmanlary kabul etmegiň şertleri ýokary derejede bolmasa, hemişe utanýaň we bu Mona Liza degişlidir". Häzirki wagtda amatly çözgüt gözlemek meniň pikirimçe zerurlyk bolup durýar "- diýip, muzeýiň prezidenti we baş müdiri Lorans de Kar belledi. Le Figaro gazetiniň berýän habaryna görä, “Jokonda” “ýerasty” jaýda, ýagny Luwruň ýerzemininde aýratyn otagda ýerleşdirilip biler. Häzir ol Luwruň iň uly, 711-nji otagynda (Kanun çykaryjy mejlisler zaly) sergilenýär. Kartina goragly aýna şkafynda goýlan. 2023-nji ýylda Luwr dünýäniň dürli künjeklerinden gelen, takmynan, 9 million myhmany garşy alypdy. Lorans de Karyň sözlerine görä, takmynan, olaryň 20 müň adamdan ybarat bolan 80%-i her gün Mona Lizanyň syrly ýylgyrşyna iň bolmanda sähel salym göz aýlamak üçin adamlaryň uly nobatynda durýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir