AnTuTu bençmarkynyň işläp düzüjileri aprel aýynyň Android operasion sistemasynyň dolandyrmagynda işleýän iň kuwwatly smartfonlaryny saýladylar. Reýtingde birinji orny ortaça 2,12 mln bal gazanan Snapdragon 8 Gen 3 çipli Asus ROG Phone 8 Pro smartfony eýeledi. Onuň yzyndan Snapdragon 8 Gen 2 çibinde işleýän iQOO 12 (2,09 mln) we Nubia Red Magic 9 Pro+ (2,08 mln) gelýär. Reýtingiň galan smartfonlarynyň ählisiniň öndürijiligine Snapdragon 8 Gen 2 jogap berýär, ýagny Snapdragon 8 Gen 3 ýa-da MediaTek Dimensity 9300 çibi bilen işleýän smartfon ýok. Şeýlelikde, dördünjiden onunja çenli orunlary Vivo X Fold3 Pro (2,07 mln), Vivo X100 Pro (2,05 mln), iQOO 12 Pro (2,04 mln), iQOO Neo9 Pro (2,04 mln), Oppo Find X7 Ultra (2,02 mln), Vivo X100 (2,02 mln) we bençmarkda ortaça 2,01 mln bal gazanýan OnePlus 12 eýeledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir