2-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini, kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek, goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany 9-njy maýda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri, ýuridik we şahsy taraplaryň kadalaşdyryş-hukuk namalaryny ýerine ýetirişlerine gözegçiligi amala aşyrmagyň netijeleri barada hasabat berdi.irmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda hünärmenleri taýýarlamak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri barada aýdyldy. Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hukuknamalarynyň birnäçesini täzelemek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Gullugy ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we döwrebap usullary ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir