Ýewropa ligasynyň birinji ýarym final duşuşyklary geçirildi. "Baýer" myhmançylykda Italiýanyň "Roma" klubuny 2:0 hasabynda ýeňdi. Florian Wirtz we Robert Andrih oýnuň her ýarymynda bir goldan geçirdiler. "Baýer" Ýewropanyň Top-5 ligasynda şu möwsümde ýeke gezegem utulyp görmedik klub bolmagynda galýar. Nemes klubunyň hasabynda ähli ýaryşlarda 39 ýeňiş we 8 deňme-deňlik bar (Bundesliga, Germaniýanyň Kubogy we Ýewropa ligasy). Beýleki duşuşykda Fransiýada "Marsel" "Atalanta" bilen 1:1 oýnady. Ilki 11-nji minutda Janluka Skamakka italýan klubuny öňe çykardy, 9 minut soňra Şansel Mbemba hasaby deňledi. Jogap oýunlar 10-njy maýa geçilýän gije (Aşg. wagty bilen) geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir