Konferensiýalar ligasynyň birinji ýarym final duşuşyklarynda toparlar geçirilen gollaryň sany boýunça ahmal etmediler. "Olimpiakos" grek kluby myhmançylykda "Aston Willa" iňlis klubundan ýeňiş gazandy (4:2), italýanlaryň "Fiorentinasy" bolsa Belgiýanyň "Brýugge" klubuny ýeňdi (3:2). Birmingemde geçen duşuşykda "Aston Willa" "Olimpiakosdan" 4:2 hasabynda ýeňildi. Aýob El-Kaabi het-trik etdi (1, 28, 56 (pen.), ýene bir goly Santýago Esse (67) geçirdi. "Aston Willadan" gollary Olli Uotkinson (45) we Mussa Diabi (52) geçirdi. Iňlis klubundan Duglas Luis 84-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. Jogap duşuşygy 10-njy maýa geçilýän gije (Aşg. wagty bilen) geçiriler. Florensiýada "Artemio Franki" stadionynda "Fiorentina" "Brýuggeden" üstün çykdy (3:2). Rikkardo Sottil (5) we Andrea Belotti (37) italýan klubuny öňe çykardy. "Brýugge" 11 metrlik jerime urgusyndan (Hans Wanaken, 17) we bir oýunçysy ýetmeýän wagty gol geçirip (Igor Týago, 63) hasaby deňledi. Emma ahyrynda Mbala N'Zola (90+1) italýan toparyna ýeňiş getirdi. Bularyň arasynda jogap duşuşygy Belgiýada 8-nji maýda Aşgabat wagty bilen 21:45-de geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir