Canalys kompaniýasynyň analitikleri smartfon bazarynda birinji çärýegiň netijesini jemlediler. Samsung Apple-den arany açyp, öňdebaryjylygy gaýdyp aldy diýip, ixbt.com habar berýär. Çärýekde jemi 296,2 mln smartfon satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 10% köpdür. Samsung 60 mln gurluş satyp, bazaryň 20%-ini eýeledi. Bir ýylda satuw bary-ýogy 1% azaldy. Apple kompaniýasynyň satuwy bolsa 16% pese gaçdy we bu liderleriň arasynda iň ýaramaz görkezijidir. Kompaniýa 48,7 mln smartfon satyp, bazaryň 16%-ini eýeledi. Soňra Xiaomi, Transsion we Oppo gelýär. Tecno we Infinix brendlerine eýeçilik edýän Transsion has uly ösüşi görkezdi. Şeýle-de bolsa, oňa Xiaomi-niň yzyndan ýetmek üçin ýol uzakdyr. Birinji çärýekde Samsung Galaxy S24 hatarynyň satuwy 13,5 mln birlik boldy, bu öz döwründe S23-üň görkezijisinden 35% köpdür.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir