1-nji maýda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Niderlandlar Patyşalygynyň futbol bileleşiginiň arasynda wideo-duşuşyk geçirildi. Ikitarapa hem bähbitli bolan bu duşuşyk taryhy ähmiýete eýedir. Geçirilen wideo-duşuşyk futboly ösdürmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barmak baradaky meseleleri özünde jemledi. Geçirilen duşuşygyň dowamynda hemişelik dialogy alyp barmak, tälimçilik ugrunyň tejribesini, çagalar futbolyny ösdürmek barada, şeýle-de, iki ýurduň futbol guramalarynyň arasynda meýilnamalaýyn gatnaşygy saklamak barada pikir alşyldy diýlip, TmCars-a diplomatik wekilhanada habar berdiler. Niderlandlar Patyşalygynyň futbol bileleşiginiň hünärmenleri Türkmenistana gelip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meýilnamalary ýerinde seljermek babatynda iş geçirmäge isleg bildirdiler. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy doly derejede alyp barmak babatynda Ähtnama gol çekişmek baradaky teklip hem goldaw tapdy. Türkmenistanyň Brýussel şäherindäki ilçihanasy futboly ösdürmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda geçirilen bu wideo-duşuşyk üçin Niderlandlar Patyşalygynyň futbol bileleşigine minnetdarlygyny bildirdi. Bu başlangyçlaryň türkmen futbolyny ýokary derejede ösdürmäge oňyn şert döreder diýlip beýanatda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir