"Formula-1" klasyndaky awtoýaryşlaryň taryhynda iň üstünlikli konstruktorlaryň biri bolan Edrian Nýui Red Bull-yň tehniki direktory wezipesini terk eder. 1-nji maýda Red Bull bu maglumaty resmi taýdan tassyklady. Toparda 2006-njy ýyldan bäri işläp gelýän 65 ýaşly britaniýaly inžener 2025-nji ýylda möhleti dolýan şertnamasyny uzaltmakdan ýüz dönderdi. Nýui - Red Bull-yň çempionlyk gazanan ähli ýedi ýaryş ulagynyň awtorydyr. Karýerasynyň dowamynda ol Williams we McLaren toparlary bilen hyzmatdaşlyk etdi, umumylykda 12 gezek Konstruktorlaryň kubogyny gazandy. Nýuiniň döreden ulaglary ýedi dürli ýaryş sürüjisine 13 gezek çempionlyk titulyny gazanmaga ýardam etdi. 2023-nji ýyl üçin onuň işläp düzen RB19 ýaryş ulagy 22 ýaryşyň 21-inde ýeňiş gazanyp, taryhda iň üstünlikli ulag boldy. Bilermenler Nýui Ferrari toparyna geçer diýip çaklaýarlar, şol bir wagtda Aston Martin-den gelen teklipler barada hem habar bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir