Ýaponiýaly alymlar dünýäde ilkinji ýokary tizlikli 6G simsiz gurluşyny döredip, üstünlikli synagdan geçirdiler. Gurluş maglumatlary 100 metr aralyga sekuntda 100 gigabit tizlik bilen geçirmäge ukyplydyr – 5G-den 20 esse çalt. Şeýle tizlik bilen sekuntda bäş sany HD filmi geçirip bolýar. Bu geçenki synaglar bilen deňeşdirilende, uly ösüşdir, sebäbi öň 240 Gbit/s çenli rekord tizlige ýetmek başartdy, ýöne aralyk bary-ýogy 20 metr boldy. 6G-niň 5G-den tapawudy, esasan, iş diapazonyndadyr. 5G, adatça, 40 GGs çenli diapazony ulanýar, 6G bolsa 100 GGs-den 300 GGs-e çenli diapazony ulanyp bilýär. Ýaponiýanyň NTT Docomo we NTT operatorlary 6G-niň synaglaryna Fujitsu, NEC we Nokia enjam öndürijileri bilen başladylar. 6G torunyň 2030-njy ýyla çenli ýola goýulmagyna garaşylýar. Tehnologiýanyň has ýokary ýygylykly diapazonlary ulanýandygy sebäpli, signallary geçirmek we güýçlendirmek üçin düýbünden täze infrastruktura gerek bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir