RF-niň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini Şöhrat ordeni bilen sylaglamak hakynda karara gol çekdi. Degişli karar hukuk namalarynyň resmi saýtynda çap edildi. "Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmäge uly goşandy we uzak ýyllaryň dowamynda arassa diplomatik gullugy üçin, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wolynkin Iwan Kirillowiçi Şöhrat ordeni bilen sylaglamaly" - diýlip, kararda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir