Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anjeý Duda berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Polşa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir