2-nji maýda Aşgabat şäheriniň töwereginde Garagum derýasynyň suw mukdaryny hem-de derejelerini ölçemek üçin suwuň hasabyny ýöredýän täze awtomatlaşdyrylan ulgam dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizildi. Ol Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Amerikanyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) tarapyndan işe girizildi. Bu ulgam arkaly alynýan maglumatlar hakyky wagtda elýeterli bolup, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan oba hojalyk, agyz suw maksatlary hem-de senagat ähmiýetli zerurlyklar üçin suwuň has takyk bölünişigini meýilleşdirmäge mümkinçilik berer. Ulgam “Bosfor” jemgyýetçilik guramasy we “Garagumderýasuwhojalyk” birleşigi tarapyndan ornaşdyryldy. Suwuň hasabyny ýöretmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy Türkmenistanyň hökümet edara-guramalary üçin Garagum derýasynyň suw mukdarlary hem-de onuň ugrundaky suw alyjy sakalary barada möhüm maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berer, bu maglumatlar bilen işlemekligi aňsatlaşdyrmak üçin, olar programma üpjünçiliginiň kömegi bilen hasaba alnyp, ýazga geçiriler. Bu ulgam oba hojalyk işgärleri tarapyndan sarp edilýän suw serişdeleri barada içgin maglumat berip, oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyllylygyny gazanmak üçin zerur bolan suw mukdarlarynyň hasabyny çykarmaga mümkinçilik döreder, beýleki suwdan peýdalanyjylar bolsa, has durnukly we netijeli suw üpjünçiligini gazanarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir