Internet torunda ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda çykarylýan Mansfield News Journal gazetinden bir makalanyň suraty peýda boldy. Ony Reddit ulanyjylarynyň biri ýerleşdirdi. 1963-nji ýylda çap edilen makalada wagtyň geçmegi bilen Mensfildiň ýaşaýjylarynda jübä sygjak telefonlaryň peýda boljakdygy aýdylýar. Telefon kompaniýasynyň şol wagtky menejeri Frederik Hantsman neşir bilen söhbetdeşlikde geljekde şeýle gurluşlaryň täjirçilik taýdan ulanyljakdygyny, ýöne ilkinji barlaghana synaglarynyň häzir geçirilýändigini gürrüň beripdir. Şeýle-de, materialda beýleki gurluşlar, mysal üçin, kiçiräk TW-ekranlaryny ýada salýan döwrebap spikerfonlaryň analoglary barada hem gürrüň edilýär. “Aşhana enjamy adaty telefon ýa-da öý hojalykçy nahar taýýarlamak bilen meşgul bolsa, sesi daşyna çykarmak funksiýasy bolan telefon hökmünde ulanylyp bilner” – diýlip, gazet makalasynda aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde gazetde söhbetdeşlere mikrofon, gaty sesli gürleýji we kamera bilen gürleşmäge mümkinçilik berýän wizual şekilli telefonlar barada gürrüň berilýär. Internet ulanyjylary bu posta teswir ýazmak bilen, özleriniň ilkinji gurluşlaryny ýatlap geçdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir