Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine Batyr Berdigylyjow bellendi diýip, guramanyň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi. Berdigylyjowyň eýýäm täze wezipesine girişendigi habar berilýär, ol öň guramanyň Belarusdaky we Türkiýedäki edaralarynyň ýolbaşçysy bolup işleýärdi. Öň bu wezipede işlän Melita Wuýnowiç şu ýylyň başynda ygtyýarlylyk möhletini tamamlady, ondan soňra onuň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji guramanyň Ýewropa sebit edarasynyň Russiýadaky ýörite wekili Bagtygül Garryýewa boldy. Batyr Berdigylyjow Türkmenistanda doguldy. Ol ýokary bilimi Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda aldy. 1995-nji ýylda BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt edarasyna ýolbaşçy bolup işe başlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir