Ýerde magnit hadysasynyň güýji soňky sagatlar ep-esli artyp, G3 derejesine ýetdi. Bu barada Amaly geofizika institutynyň kosmos howasyna gözegçilik merkezine salgylanyp, TASS habar berýär. Häzirki wagtda Gündäki ýokary klasly partlamalardan soň Ýeriň ýüzünde bäş görkezijili monitoring şkalasy boýunça “güýçlüdigini” aňladýan G3 derejeli magnit tupany hasaba alynýar. Bu ýerde G5 – adatdan daşary güýçli, G1 bolsa gowşakdyr. G3 dereje energetika ulgamlarynda naprýaženiýany sazlamagy talap edýär. Güýçli magnit hadysasy hemralaýyn we pes ýygylykly radionawigasiýany, şeýle-de ýokary ýygylykly radio aragatnaşygyny bozup bilýär. Hadysa bilen ugurdaş orta giňişliklerde polýar şöhlelenmelerini görmek bolar. Mundan öň, alymlar Ýerde maýyň ilkinji magnit hadysasynyň 3-nji maýda bolmagyny çaklapdylar, ýöne tupan eýýäm 2-nji maýda başlady. Alymlar 2024-nji ýylda Günüň işjeňligiň täze ýokary derejesine ýetjekdigini çaklaýarlar we bu magnit hadysalarynyň sanynyň köpelmegine getirip biler. Günüň işjeňlik döwrüniň dowamlylygy dokuz ýyldan 14 ýyla çenli bolup bilýär, soňky Gün maksimumy 2013-nji ýylda hasaba alyndy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir