Valve amerikan kompaniýasy meşhur Counter-Strike 2 oýny üçin uly täzelenme çykardy. Esasy üýtgeşmeleriň hatarynda - ýarag saklap duran eliňi çalyşmak mümkinçiligi. Munuň üçin klawiaturada "H" klawişasyny basmaly. Şeýle hem ykdysady görkezijilere düzediş girizildi: Zeus we CZ75 arkaly gazanylan üstünlik üçin baýraklar artdyryldy, XM1014 drobowikden edilen hereketler üçin bolsa, tersine, aşakladyldy — $900-den $600-e çenli. Radar üçin birnäçe oňaýly funksiýalar goşuldy: "Gaçan ýarag" («Выпавшее оружие») panelinde satyn alma menýusynda raundyň başynda topardaşyň ýaragyny galdyrmak mümkinçiligi elýeterli edildi. Satyn alma menýusynyň burçunda oýunçynyň indiki raundda alyp biläýjek iň minimal pul möçberi görünýär. Ýaryş tertibinde Overpass kartasy Dust 2 bilen çalşyryldy. Mundan başga-da, Nuke, Vertigo, Mirage we Office kartalarynda az-kem üýtgeşmeler girizildi we ýalňyşlyklar düzedildi. Üýtgeşmeleriň doly sanawy bilen oýnuň resmi saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir