Netflix “Formula-1-iň” çempiony Aýrton Sennanyň durmuşyna esaslanan täze serialy çykardy. “Senna” atly serial alty bölümden ybarat bolup, şu ýyl çykarylar. Häzirlikçe onuň diňe treýleri elýeterli. Bu barada ixbt.com habar berýär. Tizer-treýler “Formula-1-iň” ýaryşa gatnaşyjysynyň 1991-nji ýylda Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazanmagynyň esasynda onuň durmuşyny görkezer. Şol wagta çenli Sennanyň hasabynda “Formula-1” dünýä çempionatynda iki ýeňiş bardy, ýöne öz öýünde ýekeje ýeňiş-de gazanmandy. Treýler bu ýaryşyň dowamynda onuň başdan geçiren kynçylyklary barada gürrüň berýär. Sennanyň keşbini Gabriel Leone ýerine ýetirdi, şeýle-de filme Alen Prostyň keşbinde Mett Mell we Sennanyň söýgülisiniň keşbinde Pamela Tome gatnaşdy. Serial onuň ýaryş karýerasynyň başyndan ahyryna çenli durmuş wakasyny gürrüň berer. Wakanyň soňy 30 ýyl mundan ozal, 1994-nji ýylyň 1-nji maýynda boldy. Onuň ulagy San-Marionynyň Gran-prisinde Imolada tizlikli öwrümde ýoldan çykyp, sagatda 160 km-den gowrak tizlikde diwary urdy. Senna 31 ýaşynda “Formula-1-iň” iň ýaş üç gezek ýeňijisi we yzygider çempionatyň iň ýaş ýeňijisi (1990-njy we 1991-nji ýyllar) boldy. Ol aradan çykan wagty 34 ýaşyndady.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir