Aleks Taç hökmünde tanalýan Alex T lakamly 15 ýaşly oýunçy soňky iki aýda Tetris oýnunda birbada alty dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Tom’s Hardware portaly habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. Şu ýylyň mart aýyndan bäri Aleks Taç Tetris-de öňki iň ýokary 6,8 mln utukdan geçip, iki gezek 16 milliondan ýokary utuga ýetdi. Onuň soňky rekordy 16,7 million utuk boldy. Taç oýunda başarnygyny çagalykdan görkezip başlady. Eýýäm 11 ýaşynda 999 999 utuk gazandy. Şondan bäri onuň ussatlygy has güýçlendi we bu oňa täze belentliklere çykmaga hem “Tetris” boýunça kiber-türgenleriň jemgyýetinde meşhurlyk gazanmaga mümkinçilik berdi. 10 million utuk belliginden geçendigi üçin Aleks Taç 2300 dollar möçberinde baýrak aldy. Ol öz oýnuny göni ýaýlymda görkezdi. Mundan başga-da, ýetginjek ekranda diňe bir setir bilen 157-nji derejede oýundan çykdy, şeýle-de 157-nji derejä ekranda alty setir bilen geçdi. Iki ýagdaýda-da Aleks Taç muny başaran ilkinji adam hökmünde taryha girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir