Ganadan 29 ýaşly ekoaktiwist Abubakar Tahiru bir sagatda gujaklan agaçlarynyň sany boýunça dünýä rekordyny goýdy. Onuň üstünligi 60 minutda 1123 agaja barabar diýlip, Ginnesiň kitabynda habar berilýär. Ol ortaça minutda 19 agaç gujaklady. Tahiru şeýle rekordy goýan ilkinji adamdyr. Ol üstünligi hasaba almak üçin kesgitlenen 700 agaç belliginden aňsatlyk bilen geçdi. Ol öz rekordyny “ekoulgamymyzda agaçlaryň möhüm roluny we daşky gurşawy goramak boýunça çäreleriň derwaýysdygyny görkezmek üçin peýdaly hereket” diýip atlandyrdy. Rekord “Taskji” (Alabama, ABŞ) milli goraghanasynda hasaba alyndy. Synanyşyk agaç iki el bilen berk gujaklanan ýagdaýynda hasaba alynýar. Ösümligi iki gezek gujaklamak bolmaýar. Agaja zeper ýeten ýagdaýynda synanyşyk göz öňünde tutulmaýar. Tahiru Ganadaky fermer jemagatynda önüp-ösdi. Ol öz ýurdunyň iň gowy uniwersitetleriniň birinde “tokaý hojalygy” hünäri boýunça okady. Geçen ýyl Obern uniwersitetinde okuwyny dowam etdirmek üçin ABŞ-a göçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir