Öýjükli aragatnaşyk operatory (TmCell) üçin tölegler, Internet ýa-da IPTV üçin aýlyk tölegleri ýörite gidip tölemek hökman däl. Android hem-de iOS ulgamly smartfonlaryň ählisinde elýeterli bolan “Töleg” ykjam goşundysy bu tölegleriň ählisini öýde ýa işde oturan ýeriňde, ýolda barýarkaň ýeňillik bilen tölemäge mümkinçilik berýär. Ykjam goşundy gije-gündiziň dowamynda 7/24 hereket edýär. “Töleg” ykjam goşundysynda ýurdumyzda hereket edýän ähli bank kartlary (şol sanda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Rysgal bankynyň kartlary) arkaly töleg edip bolýar. “Töleg” ykjam goşundysy arkaly şu hyzmatlara töleg edip bolýar: - TmCell - Telekom Internet - AŞTU Internet - AŞTU Telefon - AŞTU IPTV - Belet film - Tut suw (19 l) - Suw tölegi - Jaý jemagat hyzmatlary “Töleg” goşundysynyň üsti bilen 19 litrlik “Tut” suwlaryny hem sargyt edip, tölegini kart arkaly geçirip bolýar. Şeýle hem ykjam goşundy, her aýyň ahyrynda Wi-Fi töleglerini etmedik ulanyjylara töleg etmegi ýatladyp durýar. “Töleg” ykjam goşundysyny telefonyňyza ýükläp almak üçin şu salgylara basyň: Google Play we App Store.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir