aponiýanyň paýtagtyndaky Senso-dzi buddizm ybadathanasynda aglaýan bäbekleriň festiwaly diýlip tanalýan her ýylky Naki-sumo festiwaly geçirildi. “Mir24”-iň habar bermegine görä, bu şowhunly ýaryşa bir ýaşa çenli çagalaryň 100-den gowragy gatnaşdy. Ýapon ynanjyna görä, çaganyň aglaýşy näçe güýçli bolsa, ol şonça-da sagdyn we güýçli bolýar hem-de onuň agysy erbet ruhlary kowýar. Şonuň üçin ene-atalar 400 ýyl bäri ýapon medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýan bu adaty bolmadyk bäsleşige çagalaryny höwes bilen getirýärler. Bäsleşik şeýle dowam edýär: bäbekleri sumo pälwanlaryna tabşyrylýar, olaram dürli usullar bilen (ýüz-gözlerini gorkunç edip, howuňy basýan sesleri çykaryp we ş.m.) çagalary gaty aglamaga mejbur edýärler. Sumo pälwany islenýän netijäni gazanyp bilmese, bu işe şeýtanyň iniňi düýrükdirýän nikabyny geýen kazylar goşulýarlar. Ilki aglan ýa-da iň dowamly we iň gaty aglan çaga ýeňiji bolýar. Naki-sumonyň Ýaponiýada gaty meşhurdygyny we her ýyl köp sanly tomaşaçyny özüne çekýändigini bellemelidiris.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir