Günde örän seýrek hadysa bolup geçdi: bir wagtyň özünde dört partlama hasaba alyndy. Bu bolsa Ýerde G1 klasly geomagnit hadysasyna sebäp bolup biler diýip, EADaily habar berýär. Partlamalar üç Gün tegmilinde we bir uly magnit hatarynda bolup geçdi. Bu hadysa “simpatik partlama” diýlip atlandyrylýar, sebäbi tegmiller özara magnit meýdanynyň liniýalary bilen baglanyşýarlar we haçan-da olaryň biri partlanda, beýlekiler hem onuň hereketine eýerýär. Adatça, simpatik partlamalar bir wagtyň özünde iki zyňyndy bilen çäklenýär, ýöne bu gezek dört partlamadan ybarat “super-simpatik” partlama boldy. Bu partlamalaryň netijesinde çykan plazma akymy Ýere ýetip, geomagnit tupanyny döredip biler. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, plazma 25-nji ýa-da 26-njy aprelde Ýere täsirini ýetirip biler. G1 klasly tupanlar gowşak hasaplanýar, muňa garamazdan, olar elektron ulgamlaryň işinde käbir näsazlyklara getirip, howa duýgur adamlaryň ýagdaýyny ýaramazlaşdyryp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir