Kia kompaniýasy Tasman atly ilkinji pikapyny görkezdi. IXBT.com-yň ýazmagyna görä, model häzirlikçe suratkeş Riçard Boýda-Danlopyň gatnaşmagynda döredilen suratly örtügiň astynda gizlenýär. Tasman kompaniýanyň dizaýn, innowasiýa we başdan geçirmeler ruhuny öz içine alýar diýip, Kia kompaniýasynda bellediler. Pikapyň tehniki häsiýetnamasy barada entek jikme-jik hiç zat aýdylmady. Ondan öň Kia-nyň Awstraliýa bölümi Tasmanyň dizel hereketlendirijisi bilen üpjün ediljekdigini habar beripdi. Bu 2,2 litrlik ýa-da 3 litrlik turbodizel bolar diýlip garaşylýar. Kia Tasman-yň ilkinji görkezilişi 2025-nji ýylda meýilleşdirilýär. Pikap Günorta Koreýa, Awstraliýa, Afrika we Ýakyn Gündogar ýaly ileri tutulýan ýurtlara tapgyrlaýyn çykarylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir