Şu gün, 24-nji aprel Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda mejlise gabatlanyp sergi hem guraldy. Sergide behişdi bedewlere bagyşlanan şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk we zergärçilik sungatynyň eserleri, fotosuratlar görkezildi. Mejlisiň jemleri jemlenende, bu gün ahalteke atçylygyny ösdürmegiň möhüm meselelerine garalandygy, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslarynyň, alymlarynyň we beýleki ugurdaş hünärmenleriniň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, onuň ugurlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklandyklary bellenildi. Munuň özi ahalteke bedewlerini, olaryň dünýä atçylygyndaky taryhy ornuny çuňňur öwrenmäge, behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, terbiýelemek we seýislemek ulgamynda mundan beýläk-de tejribe alyşmaga ýardam eder, şeýle hem behişdi bedewleriň muşdaklarynyň sanyny artdyrmaga gönükdirilen işlere täze itergi berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir