24-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýändigi we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygy nygtaldy. "Biz daşary ýurtlar bilen dostluk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak esasynda gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Ýüze çykýan wehimleriň, gapma-garşylyklaryň çözülmeginde halkara hukugyň we diňe diplomatik gurallaryň ulanylmagyny zerur hasap edýäris" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş häsiýetine eýedigini, söwda ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda baý tejribesi bolan britan kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Taraplaryň pikirine görä, ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mümkinçiliklerini giňden ulanmak maksadalaýykdyr. Nebitgaz pudagy, oba hojalygy, täze tehnologiýalar geljegi uly ugurlar hökmünde bellenildi. Nygtalyşy ýaly, britan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagy goldanylýar. Howanyň üýtgemegi we onuň adamzadyň durmuşyna ýetirýän zyýany bilen baglanyşykly meseleler duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan wajyp ugurlaryň biri boldy. Häzirki wagtda bu meseleler halkara gün tertibinde möhüm orun eýeleýär. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidiginiň zerurdygyna üns çekildi. Britan tarapynyň bilim ulgamynda, hususan-da, bilim maksatnamalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we iňlis dilini okatmaga ýardam bermek babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy beýan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir