Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyk 24-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada durup geçip, söhbetdeşler üstünlikli ösdürilýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary derejesini alamatlandyrýandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Söhbetdeşler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmen-german işewürlik forumyna gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze kuwwatly itergi berendigini bellediler. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda geçen ýylyň noýabr aýynda gol çekilen Türkmenistan bilen GFR-iň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny durmuşa geçirmegiň barşyna üns berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir